Habarlar

Türkmenistanyň Baş prokuroryna ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4358/original-1633528ae7db9c.png

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.G.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermek hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16a243c1341ebe.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16a24385f9fdbb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a2303916bc20.jpeg
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.

16a20699e9c29c.jpeg
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.


16a1fcc680eb8d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.