Habarlar

Aşgabatda geçirilen baýramçylyk çapyşyklary oňa gatnaşan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4364/original-1633561cf83596.jpeg

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Bu ýerde muzeý gymmatlyklary görkezilýän giň gerimli Baýramçylyk sergisi gurnaldy. Paýtagtymyz we ýurdumyzyň bäş welaýaty öz gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Sergi gymmatlyklarynyň arasynda at esbaplarynyň nusgalary bar.

Baýramçylyga ýurdumyzyň sungat ussatlary hem öz döredijilik sowgatlary bilen gelipdirler.

Yzygiderli esasda geçirilen 7 çapyşykda ahalteke bedewleri dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. Çekeleşikli bäsleşikler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.

1600 metr aralyga ilkinji üç çapyşykda üçýaşar bedewler ýaryşdylar. Geçirilen ilkinji çapyşykda 1 minut 48,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Döwran atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.

Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 50,5 sekunt netije bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bäsleşik atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.

Üçünji çapyşykda 1 minut 49,4 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Günaý atly dor gysrak görkezdi. Onuň çapyksuwary M.Kiçigulow.

Galan çapyşyklarda dörtýaşar we ondan uly bedewler ýaryşdylar. 1800 metr aralyga dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Ýantar atly dor aty geldi. Ol 2 minut 05,8 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow. Şolar ýaly aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda 2 minut 02,0 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary G.Begliýew. 2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Ýagmyr atly dor aty 2 minut 36,20 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Begliýew.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 2200 metr aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol 2 minut 31,3 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1 — 6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara hormatly Prezidentimiziň baýragy — 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşyklary oňa gatnaşan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.