Habarlar

Owganystanyň häkimiýeti oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4378/original-16337dcdebd072.jpeg

Owganystandaky häzirki şertler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretdiler. Bu barada ikinji wise-premýer Molla Abdyl Gani Baradar TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşygynda beýan etdi diýip Orient ýazýar.

Molla Baradaryň kanselýariýasynyň beýanatynda bellenilişi ýaly, «Owganystan Yslam Emirligi TOPH taslamasyny başlamaga doly taýýar we bu ugurda hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine ygrarly».

Dag magdan senagaty we nebit ministrliginde beýan etmeklerine görä, TOPH taslamasynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň oktýabrynda başlanar. «Duşuşyklar geçirildi. Biz işleri oktýabr aýynyň başynda ýa ahyrynda başlap bileris» - diýip, ministrligiň wekili Esmatulla Burhan aýtdy.

Owganystanyň DIM-niň habar bermegine görä, tehniki topar indiki aý TOPH taslamasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana barar. Şeýle hem türkmen gazyny senagat bilen ilatyň arasynda paýlamak, ondan elektrik energiýasyny öndürmek meseleleri maslahatlaşylar.

«TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy möhüm taslamalaryň biri bolup, ol gyzyklanma bildirýän döwletleriň arasynda howpsuzlyk ulgamynda syýasy özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer, şeýle hem sebit ykdysadyýetini ösdürer» diýip, ykdysadyýet ministrligiň wekili Abdyl Rahman Habib belledi.

Öz gezeginde, Owganystanyň Senagat we şahtalar palatasynyň (ACIM) bellemegine görä, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystana öz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer. «Munuň özi gaza bagly bolan senagat pudaklaryna ýardam eder, bizde şeýle hem owgan ykdysadyýeti üçin gaza bolan zerurlyk bar» - diýip, ACIM-iň başlygynyň orunbasary Sahi Ahmad Paýman aýtdy.

Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre eýe bolan gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde başlandy. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin bähbitlidir. Ol Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Kabula ýiti sosial meselelerini çözmäge serişde bermäge, Yslamabada we Delä energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini peseltmäge mümkinçilik berer.

Öň, bu taslamany Russiýa, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we beýleki döwletler, şeýle hem iri maliýe institutlary, şol sanda Aziýa ösüş banky oňlady. TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny Owganystanda häkimiýet başyna geçen «Taliban» hereketi hem beýan etdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.