Habarlar

«Çeleken» şertnamalaýyn çäginde nebitiň çykarylyşyny artdyrmak meýilleşdirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4386/original-1633bf8d4ebc78.jpeg

Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Çeleken» käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny ýokary depginlerde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak, pudaklaýyn taslamalara isleg bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäignde känleri işläp taýýarlamak işini «Dragon Oil» kompaniýasy alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda iş alyp barýar. Kompaniýanyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşýär. Bu känlerde operator 2000-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli iş alyp barýar. Geçen döwürde taslama 8 mlrd amerikan dollaryndan gowrak maýa goýum goýuldy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda özara gatnaşyklaryň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny, şeýle hem türkmen energiýa geçirijileriniň eksportyny artdyrmak bellenildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.