Habarlar

Mitro International Limited — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

https://ussatnews.com/storage/posts/4390/original-1633c4ff422669.jpeg

«Mitro International Limited» kompaniýasy Aşgabatda 26-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär diýip, forumyň guramaçysy habar berýär.

2000-nji ýylda döredilen «Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda nebit işlerine maýa goýumlary çekmeklige, hususan-da, nebitgaz känlerini gözlemeklige, barlamaklyga we işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşendir.

2000-nji ýylyň iýun aýynda «Hazar» şertnamalaýyn çägini — Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamak babatda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga (ÖPY) gol çekildi. Bir ýyl soňra «Mitro International Limited» kompaniýasy «Hazar» ÖPY taslamasynyň doly derejeli agzasy boldy we şol wagtdan bäri Gündogar Çeleken ýatagyny özleşdirmek we işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar.

«Mitro International Limited» kompaniýasy akymy intensiwleşdirmegiň dürli görnüşli tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nobatdaky we düýpli abatlaýyş utgaşdyrylan maksatnamalaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça tejribä eýedir. Mundan başga-da, kompaniýanyň çeýe nasos-kompressor turbalaryny we Azot desgasyny ulanmak arkaly dürli işleri geçirmek boýunça tejribesi bar.

«Mitro International Limited» ýataklary we guýulary öwrenmegiň häzirki zaman usullaryna aýratyn üns berýär. Taslamany ösdürmegiň çäklerinde ýatakda 70-den gowrak guýy guruldy, kese sütünleri gurmak boýunça tejribe toplanyldy.

«Mitro International Limited» Continental Industrial Supply, Schlumberger, Vetco Gray, Weatherford, Baker Hughes ýaly ençeme serwis kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesine eýe, şeýle hem ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň birnäçe edaralarynyň serwis hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Kompaniýanyň üstünlikli işine şu deliller hem şaýatlyk edýär:

Taslamanyň başyndan bäri 760 mln dollar maýa goýum goýuldy.

Çykarylan çig nebitiň toplanan möçberi — 5900000 tonnadan gowrak.

Döwletiň paýy 2 845 303 tonnadan gowrak boldy.

70-den gowrak täze guýy burawlandy, şol bir wagtda hereket edýän ulanyş gaznasy bar bolan guýularyň 80%-inden geçýär.

Gündogar Çeleken ýatagynda her ýylda guýulary düýpli abatlamak boýunça 30-dan gowrak operasiýa geçirilýär. Guýulary swabirlemek üçin desgalar, NKT liftlerinden parafinleri aýyrmak tehnologiýasy, azot desgasy we GNKT desgasy giňden peýdalanylýar.

Çykarylyşy intensiwleşdirmek üçin Gündogar Çeleken ýatagynda ulanyşyň mehanizasiýalaşdyrylan usullary ulanylýar. Elektropriwod merkezi geçirijili nasoslaryň we ştangaly çuňluk nasoslarynyň desgalarynyň kömegi bilen işler alnyp barylýar.

Aşaky gyzylreňkiň plastlaryndan çykarylyşy artdyrmak maksady bilen, plasty gidrawliki bölmekligi geçirmek meýilleşdirilýär. Ondan soňra nebiti elektropriwod merkezi geçirijili nasoslaryň kömegi bilen çykarmak meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.