Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary forumyň işine başlamagy bilen gutlady
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», gaýragoýulmasyz “Tiz kömek” merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda zerur şertler döredildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek bilen, bu ugurdaky döwlet syýasatyny üstünlikli dowam etdirýäris. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap köpugurly hassahanalary, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasyny ulanmaga berdik. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde köpugurly hassahananyň, onkologiýa, “Tiz kömek”, çagalar sagaldyş-dikeldiş, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Aşgabat şäherinde hem Halkara fiziologiýa we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, welaýatlarymyzda döwrebap hassahanalaryň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Eziz adamlar!
Biz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça-da uly tagallalary edýäris. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralaryny hem gurýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-synyň, orta mekdepleriň 54-siniň, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasynyň gurluşyk işlerini alyp barýarys. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleri durmuşa geçirýäris. Çünki bilim biziň beýik geljegimizdir. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlarymyz, ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly täze wezipeleri kesgitledik. Bu wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar.
Hormatly adamlar!
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýarys. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary guruldy.
Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, golf sport toplumy, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bina edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz Türkmenistanyň iri sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşulandygyna, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine sport diplomatiýasyny üstünlikli alyp barýandygyna doly şaýatlyk edýär. Biz geljekde-de halkymyzyň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň kepili bolan bu möhüm işleri giň gerimde durmuşa geçireris.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.