Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň martynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Hökümetara Ähtnama gol çekildi. Türkmen wekiliýeti Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümlerini Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenarynda durmuşa geçirmäge çagyrdy.
Öz gezeginde duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa-goýum hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi bilen bagly meseleler maslahat edildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.