Habarlar

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň dokuz aýda ösüşiniň netijeleri jemlendi

https://ussatnews.com/storage/posts/4425/original-1634656c6222c0.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçen dokuz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim derejesinde berjaý edildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi.

Nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemeli. Kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmaly diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.