OGT-2022-ä gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy
Häzirki wagtda 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2022) XXVII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary bellige almaklyk dowam edýär diýip, forumyň guramaçylary habar berýär. Hususan-da, OGT-2022-ä gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy.
Garaşylyşy ýaly, foruma goňşy ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli ministrler gatnaşar, olar plenar mejlislerde çykyş eder.
Maslahatda çykyş etjek beýleki gatnaşyjylardan — LUKOÝL-yň wise-prezidenti Dmitriý Timoşenko bar. Ol türkmen energetika ulgamyna ofşor maýa goýum mümkinçilikleri hakynda gürrüň berer. Birinji mejlisde şeýle hem Tatneftiň baş direktory Nail Magamowyň çykyşy meýilleşdirilýär. Mitro International kompaniýasynyň baş direktory Boris Lewenşteýn türkmen energetika toplumyna ýerüsti maýa goýum mümkinçilikleri hakynda gürrüň berer.
Forumyň guramaçylary oňa ýüzbe-ýüz görnüşde gatnaşmak üçin bellige alynmagyň soňky möhletiniň 16-njy oktýabrdygyny ýatladýarlar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.