Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

https://ussatnews.com/storage/posts/4452/original-1634b96143f916.jpeg

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe şu mejlisi gurandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik hem-de işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar, obýektiw umumydünýä ýagdaýlaryna we çylşyrymlylyklara garamazdan, meniň pikirimçe, durnuklylygyny hem-de ösüşini saklap galýar. Biziň özara gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýeti olary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyna we geljegine umumy düşünmegimiz, oňyn, ylalaşykly jogaplary talap edýän dünýä hem-de sebit gün tertibiniň täze ýagdaýlaryna oňat düşünmek bilen şertlendirilendir diýip hasaplaýaryn. GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň bize hyzmatdaşlygyň anyk we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, onuň güýçli taraplaryndan: hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesinden, deňhukukly häsiýetinden, ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginden, umumy taryhy tejribeden, çuňňur ynsanperwer gatnaşyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn.

Bu ýagdaýlar diňe bir Arkalaşygyň döwletleri üçin däl, eýsem, goňşy ýurtlar we sebitler babatda-da özüne çekiji hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, geljekde möhüm, netijeli döwletara gural hökmünde GDA-nyň işjeňliginde oňyn orny eýeläp biler we eýelemelidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, ykdysady, söwda, maýa goýum gatnaşyklary barada barýar. Entek biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň bu babatda doly derejede ulanylmaýandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama biraz soň kabul edilen 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiň Strategiýasynyň esasyny düzüp, biziň hyzmatdaşlygymyza we işewür gatnaşyklarymyza täze itergi berdi. Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan ýakynlaşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girendigini kanagatlanma bilen belleýäris. Bize GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigi, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigi barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşarda ilerletmegiň, taslamalarymyza goňşy sebitleriň goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtaýarys. Munuň özi, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmegine, energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň giňeldilmegine, täze kommunikasiýalaryň çekilmegine degişlidir.

Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzindäki port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýäris.

2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda, golaýda Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynda, şeýle-de BMG-niň howandarlygynda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatda Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň düýpli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmaga köp döwletler, ilkinji nobatda, Arkalaşyga goňşy ýurtlar gyzyklanma bildirdiler. Hazar ugry GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda möhüm orun eýelemelidir, ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip hasaplaýarys.

Türkmenistan Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar. Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp bilerdi diýip hasap edýärin. Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir. Geliň, geljekki hyzmatdaşlarymyza bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmegi teklip edeliň! Şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma we seslenme döretjekdigine ynanýaryn. GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary, ygtyýarlyklary bermeli diýip hasaplaýaryn.

Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa döwründe biziň işewür gatnaşyklarymyzyň depginini peselden kynçylyklary çalt ýeňip geçmek üçin bu babatda-da döredijilikli işler talap edilýär. Biziň mümkinçiliklerimize anyk göz ýetirmek hem-de geljegi kesgitlemek üçin garaýyşlarymyza täzeden seretmek zerurdyr. Munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip edýäris.

Daşary syýasy gün tertibi barada aýdylanda, ýakynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistan howpsuzlyk ulgamynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar tutuş Arkalaşyk üçin hem wajypdyr diýip hasaplaýaryn. Gürrüň dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde ýüze çykýan açyk, gizlin wehimler barada barýar. GDA-nyň çäklerine ekstremistik we radikal elementleriň aralaşmagy, terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, bikanun hereketleriň beýleki görnüşleri, GDA-nyň käbir sebitleriniň içinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi, maglumat tehnologiýalarynyň ýaramaz maksatlar bilen ulanylmagy, halklarymyzyň taryhy däplerine, binýatlyk gymmatlyklaryna garşy gelýän taglymlaryň daşyndan ornaşdyrylmagy şol howplaryň hataryndadyr.

Sanalyp geçilen wehimler bizden Arkalaşygyň gapma-garşylyklaryň meýdançasyna öwrülmezligini kepillendirýän netijeli goranyş gurallarynyň döredilmegini, berk, uzak möhletleýin, bölünmez howpsuzlyk ulgamyny döretmek boýunça çäreleriň görülmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda GDA-nyň halkara hukuk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek möhümdir. Ýurtlarymyzyň Daşary işler ministrliklerine degişli teklipleri taýýarlamaga girişmegi tabşyrmagy, şeýle-de ýörite gulluklaryň ugry boýunça bilelikdäki işi güýçlendirmegi teklip edýäris. Biz bilelikde GDA-nyň giňişliginiň parahatçylyk we ösüş üçin töwekgelçiliklerden azat, durnuklylyk zolagy bolmagynda galmagyny gazanmalydyrys.

Pandemiýa döwrüniň kynçylyklaryna garamazdan, biz medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary dowam etdirdik. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ozalkysy ýaly, GDA-ny jebisleşdiriji şert bolmagynda galýar, ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sport hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan iri halkara sport çärelerini guramak arkaly bu ugra uly üns berýär. Häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip hasaplaýarys. Şoňa görä-de, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip edýäris. Has takygy, diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň hem türgenleri üçin açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris. “Dostluk oýunlary” möwsümleýin, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner.

Utgaşdyryjy komitetiň maksatlary, düzümi, guramaçylyk ugurlary jikme-jik beýan edilen Tertipnamanyň taslamasyny işläp taýýarladyk. Biz bu başlangyjyň goldanylmagyna bil baglaýarys hem-de bar bolan tejribämizi, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýardyrys.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydygyny, hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna bolan ynamymy tassyklamak isleýärin. 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli başlyklyk edendigi üçin Gazagystan Respublikasyna minnetdarlygymy beýan edýärin.

Şeýle-de şu gezekki mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşan goşandy hem-de işimizi netijeli utgaşdyrandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe minnetdarlyk sözlerimi aýdýaryn.

(Astana ş, 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabry)

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.