Habarlar

CNPC — OGT-2022 halkara forumynyň baş hyzmatdaşy

https://ussatnews.com/storage/posts/4472/original-1634ef1dd2c231.jpeg

«CNPC» kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.

Maslahat, bazaryň esasy düzgünleşdirijilerini we gatnaşyjylaryny, maliýe ulgamynyň wekillerini, alymlary we hünärmenleri bir ýere jemläp, ýangyç-energetika pudagynyň we geosyýasy ösüşiň häzirki möhüm ugurlary barada özboluşly pikirleri we seljeriş netijeleri hödürlär.

Hytaý milli nebit korporasiýasy (China National Petroleum Corporation, CNPC) dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän halkara energetika kompaniýasydyr. CNPC 38 ýurtda nebit we gaz maýa goýum amallaryny amala aşyrýar, 82 ýurtlaryň we sebitleriň nebit hem-de gaz desgalary üçin inžener-tehniki işler boýunça hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýar.

CNPC-niň Türkmenistanda alyp barýan işleri 2007-nji ýylda başlandy. Şu günki-günde känleri gözlemek we özleşdirmek, guýulary burawlamak we abatlamak, inženerçilik gurluşygy, tehniki enjamlary öndürmek, önümleriň satuwy we maliýe hyzmatlary bilen meşgullanýar. Hyzmatdaşlygyň üstünligi, iki ýurduň hökümetleriniň goldawy hem-de CNPC bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň bilelikdäki tagallalary bilen baglanyşyklydyr.

2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi, 2021-nji ýylda bu geçiriji boýunça türkmen gazynyň iberilişiniň möçberi 300 milliard kub metrden geçdi. Häzirki wagtda kompaniýa nebit-gaz pudagynda innowasiýa tehnologiýalary, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, känleri sanlylaşdyrmak, täze energiýa çeşmelerini özleşdirmek hem-de ulanmak, logistikany ösdürmek we ş.m. boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär.

CNPC, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamakda baý tejribe toplady hem-de bu ugurda işlerini güýçlendirmegi maksat edinýär, şeýle hem ýerli derejedäki durmuş maksatly taslamalara işjeň gatnaşýar, ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynyň, agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň we nebit-gaz forumlarynyň hemaýatkärleriniň hatarynda boldy.

Ählumumy energetika öwrülişigi we uglewodorod bölüp çykmalaryny azaltmak babatda pes uglerodly ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmesi hökmünde, tebigy gaz täze energiýa çeşmelerine möhüm geçişdir, şeýle hem ençeme döwrüň dowamynda energetika öwrülişigini ösdürmekde Hytaýyň saýlan strategik ugury boldy, şoňa görä-de Hytaý bazarynda tebigy gazyň sarp edilişiniň üznüksiz we durnukly ösüşine garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň A, B we C 3 şahalary hereket edýär, D şahasynyň çekilmegi meýilleşdirildi. Hytaýyň gaz bazarynyň giň geljegi bar, bşunuň bilen baglylykda, iki tarap hem Türkmenistan we Hytaý halklarynyň bähbidi üçin hyzmatdaşlygyň gerimini we möçberini mundan beýläkde giňeltmek maksady bilen bilelikde tagalla edýärler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.