Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2021-nji oktýabrda ýurdumyza resmi sapar bilen geler.
16-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisiniň barşynda habar berlişi ýaly, özbek tarapy bilen bilelikde saparyň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, onuňbarşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler.
Döwlet Baştutany wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde täze tapgyrda özbek-türkmen strategik gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, senagatda, energetika we himiýa ulgamynda, oba hojalygynda, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny dowam etmek diýlip Özbegistanyň Prezidentiniň saýtyna bellenilýär.
Saparyň barşynda şeýle hem Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasy hem-de Serhetara söwda merkeziniň gurluşygy boýunça taslama badalga bermek göz öňünde tutulýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.