Habarlar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4495/original-1635395f8e00ed.jpeg

Resmi saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi, bu ýerde dostlukly ýurduň liderine bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly professory alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.

Uniwersitetiň baş binasynyň girelgesiniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany TDU-yň rektory B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrow garşyladylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew eýwanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň guran sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ugurlary beýan edilýär. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde milli ýokary okuw mekdebi öz mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle-de bu ýerde dutarçylar topary döredijilik ukyplaryny görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory» alymlyk adyny dakmak baradaky çözgüdi yglan edildi. Dostlukly ýurduň Liderine bu ýokary alymlyk derejesi onuň türkmen we özbek halkarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hem-de giňeldilmegi ugrunda bitiren şahsy hyzmatlary we uly goşandy üçin berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpmalary bilen belent mertebeli myhmana dabaraly ýagdaýda türkmen milli dony we telpegi geýdirilýär şeýle hem oňa degişli attestat we gül dessesi gowşurylýar.

Öz gezeginde, Prezident Şawkat Mirziýoýew özüne ýokary hormat goýulandygy – iri türkmen ýokary okuw mekdebiniň Hormatly Professory alymlyk adynyň dakylandygy üçin hoşallygyny beýan edip, muňa Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkarynyň arasynda barha bekeýän dostluk, hoşniýetli goňşuçulyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.