Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy diýip, Orient agentligi gruzin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Gepleşikleriň esasy maksady energetika pudagynda häzirki ýagdaýlary hem-de geljekde gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Garalan meseleleriň hatarynda üstaşyr geçirmek amallaryny ýönekeýleşdirmek we Türkmenistandan iberilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmak, olaryň Gruziýada gaýtadan işlenilmegi hem-de saklanylmagy bilen baglanyşykly düzümleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek baradaky meseleler boldy.
Georgiý Çikowani myhmanlary Gruziýayň nebitgaz korporasiýasynyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy, tebigy gazdan öndürilen önümiň söwdasy bilen birlikde, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwlet Myradow gatnaşdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.