Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady
Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Şu ýyl nebitgaz forumy dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekili ýygnady. Şolaryň arasynda döwlet düzümleriniň, milli we halkara kompaniýalarynyň, ylmy merkezleriň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bar.
Maslahatyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Soňra “Energiýanyň geljegi - garaýyşlar we mümkinçilikler” diýen umumy mejlisde başlandy. Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet korporasiýasynyň başlygy Batyr Amanow, «ENOC Link LLC» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Oliwer Stin, «GaffneyCline» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Floran Russe çykyş etdi.
Onlaýn görnüşde CNPC hytaý kompaniýasynyň prezidenti Hou Szinsýuanyň, «SOCAR Trading S.A.» azerbaýjan kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszadeniň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň (IRENA) sebit direktory Binu Partanyň, Ýewropa Energetika hartiýasynyň baş sekretary Gi Lensiň çykyşlary goýberildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bilermenleriň belleýişleri ýaly, häzirki forum energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energetika ulgamynyň pandemiýadan soň täzeden dikeldilişine, energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýär.
Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de uzakmöhletleýinlik, açyklyk, milli bähbitleri we ähli taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgelerinde syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy nygtaldy.
Forumyň birinji gününde şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak we täzelerinde gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garalar. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Gaffney Cline», «Dragon Oil», «Eni S.p.A», «Schlumberger Logelco, Inc.», «Trans Caspian Resources, Inc» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlaryna garaşylýar.
Ertir forum öz işini dowam eder.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.