OGT-2022-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň görkezilişi boldy
OGT—2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde TAPI Pipeline Compani Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetnur Amanow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.
Taslamanyň prezentasiýasynda bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi — bu ilkinji nobatda sebit we taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygy, Owganystany, Pakistany we Hindistany arzan hem ygtybarly tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.
Gürrüň ilkinji nobatda, elýeterlilik barada barýar — maksatnama arzan energiýanyň hasabyna energetika garyplygyny azaldar we Pakistany 2030-njy ýyla çenli gerek bolan energiýanyň 50%-i, Hindistany 2024-nji ýyldan soň gerek bolan energiýanyň 56%-i bilen üpjün eder diýip, Muhammetnur Amanow belledi.
TAPI-niň ýerine ýetiriji direktorynyň bellemegine görä, gaz geçirijiniň infrastrukturasy häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy hem-de kanunçylyklaryň we halkara standartlarynyň berjaý edilmegi bilen howpsuz we ygtybarly bolar. Bu harydy ahyrky ulanyja ýetirmegiň kepili bolup durýar. Mundan başga-da, TOPH uglerodyň zyňyndylarynyň azaldymagynyň mysaly bolar, şeýle hem dünýä energetika howpsuzlygyna uly goşant goşar.
Bu taslama 2 tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda gaz «Galkynyş» türkmen gaz käninden erkin akymda Owganystana, Pakistan we Hindistana iberiler. Ikinji tapgyrda uzynlygy 1853 km bolan gaz geçirijisi boýunça gazy ibermek boýunça giň gerimli taslamany tamamlamak üçin alty sany kompressor bekedi gurlar.
Magistral şaha boýunça ýylda 33 mlrd kub metre çenli tebigy gaz iberiler, bu bolsa Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklaryny monetizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer we Owganystan we Pakistany üstaşyr geçirmeleriň hasabyna goşmaça girdeji bilen üpjün eder diýip M.Amanow belledi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.