Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda gazhimiýa we gazy gaýtadan işlemek bar

https://ussatnews.com/storage/posts/4543/original-163600be452488.jpeg

Gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Nebitgaz senagatynyň netijeli işi onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki serişdeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.