Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC nebitgaz forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) açylan ADIPEC nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşýar.
Foruma energetikanyň, pudagyň syýasatşynaslarynyň, hünärmenleriniň 150 müňden gowragy gatnaşýar. Şu ýylda foruma tutuş dünýäden 40-dan gowrak ministriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergide 28 ýurtdan 2200 kompaniýalar we pawilýonlar guraldy. Olarda energetikanyň önümlerini döretmegiň ähli zynjyrlary boýunça müňlerçe önümler, hyzmatlar we çözgütler hödürlenildi.
ADIPEC-iň köp sanly eskponentleriniň hatarynda № 13060 diwarlygynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň şahamçasy görkezildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow ADIPEC Strategiki we Tehniki maslahatyna gatnaşdy.
Forumyň barşynda maslahatlaşyljak ileri tutulýan temalaryň hatarynda nebitgaz toplumyna maýa goýumlar meseleleri bar. Ýokary derejeli çykyş etjekler energiýanyň geljekki sarp edilişini kanagatlandyrmakda wodorodyň ornuny, geosyýasy özgeriş şertlerinde energetika pudagyndaky üýtgeşmeleri, suwuklandyrylan gaz bazarynyň dinamikasyny we beýleki meseleleri maslahatlaşarlar.
Abu-Dabidäki halkara nebit we gaz sergisi we maslahaty 3-nji noýabra çenli dowam eder.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.