Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi
5-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.
Şu gezekki köpçülikleýin çärä adaty bir çäre bolman, eýsem ýurdumyzyň ekologik başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli we yzygiderli işleriň nyşany boldy.
Ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür tokaýlaryň ülkesine öwrülýär. Munuň özi Diýarymyzyň ösüşiniň we täzelenmeginiň nyşanydyr. Zähmet ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn möhüm orun eýeleýär, köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaly peýdaly işler bolsa jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, şunuň bilen birlikde, daşky gurşawyň goralmagyna ýardam berýär we ahyrky netijeli adamyň ömür dowamlylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.