Habarlar

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň 10 aýynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4576/original-16368c872525bf.jpeg

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 120,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,8 göterim ýerine ýetirildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,5 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,6 göterim berjaý edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu pudaga maýa goýum serişdelerini çekmek wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri içgin seljermegi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, gözegçilik edýän düzümleriniň işlerini talabalaýyk derejede guramak ugrunda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.