Habarlar

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

https://ussatnews.com/storage/posts/4594/original-1636e052d826d8.jpeg

Türkmenistanyň şäherlerini, şäherçelerini we obalaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, iri dolandyryş-çäk birlikleri döretmek maksady bilen, etraplaryň, şäherleriň, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

1. Şu etraplary ýatyrmaly, olaryň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini degişli etraplaryň düzümine geçirmeli:

1) Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyrmaly;

2) Daşoguz welaýatynda:

a) Gubadag etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirmeli;

b) Gurbansoltan eje adyndaky etraby ýatyryp, onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Akdepe etrabynyň düzümine geçirmeli;

3) Lebap welaýatynda:

a) Farap etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmeli;

b) Döwletli etrabyny ýatyryp, onuň:

şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda 220776 ga ýerlerini we Döwletli şäherçesini hem-de bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny, Berkararlyk, Hojahaýran, Miras, Pagtaçy, Tallymerjen, Täzedurmuş geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmeli;

şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda 183540 ga ýerlerini we Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat, Serdar, Türkmenistan, Ýalkym geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmeli;

4) Mary welaýatynda:

a) Serhetabat etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirmeli;

b) Oguzhan etrabyny ýatyryp, onuň:

şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda 39127 ga ýerlerini we Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini Murgap etrabynyň düzümine geçirmeli;

şu kararyň 2-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda 165266 ga ýerlerini we Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirmeli.

2. Şu kararyň 1-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 498897 ga ýerlerini we onuň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny, Akgala, Baý, Dostluk, Ärsarybaba, Lamma, Rahmançäge, Seýdi, Soltanýazgala, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabynyň düzümine geçirmeli.

3. Şu etrap hukukly şäherleriň hukuk derejesini üýtgetmeli, olara degişlilikde etrapdaky şäher, şäherçe derejesini bermeli we degişli etraplaryň, şäheriň düzümine geçirmeli:

1) Ahal welaýatynyň Tejen şäherine etrapdaky şäher derejesini bermeli we ony Tejen etrabynyň düzümine geçirmeli;

2) Balkan welaýatynda:

a) Serdar şäherine etrapdaky şäher derejesini bermeli we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmeli;

b) Gumdag, Hazar şäherlerine şäherçe derejesini bermeli we olary Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

3) Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherine etrapdaky şäher derejesini bermeli we ony Köneürgenç etrabynyň düzümine geçirmeli.

4. Balkan welaýatynda:

a) Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesiniň derejesini üýtgetmeli we oňa oba derejesini bermeli hem-de bu obany Hazar şäheriniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

b) Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Oglanly obasyny Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna, Hudaýberdi obasyny Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

5. Daşoguz welaýatynda şu geňeşlikleriň edara ediş merkezi bolan obalara şäherçe derejesini bermeli:

a) Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Ataýap obasyna;

b) Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Gökçäge obasyna;

ç) Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň Päkize obasyna;

d) Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň Bereket obasyna;

e) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadylla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň Gülüstan obasyna;

ä) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň Akjadepe obasyna.

6. Şu obalary ýanaşyk ýerleşýän şähere, oba birleşdirmeli:

1) Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşliginiň Garaman obasyny Sarahs şäherine;

2) Daşoguz welaýatynda:

a) S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Adalat geňeşliginiň Babadaýhan, Şatlyk obalaryny, Alyşir Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny, Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky we Wahymgala obalaryny, Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny, Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň Bagtyýar zaman, Boý, Dostluk, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny, Gülüstan geňeşliginiň Parahat obasynyň Gubadag, Kenar, Nowruz, Özbegistan, Ürgenç köçeleriniň geçýän ýerlerini Daşoguz şäherine;

b) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman obasyny Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şähere;

3) Mary welaýatynda:

Türkmengala etrabynda:

a) Kemine adyndaky geňeşligiň Täzebirleşik obasyny Kemine obasyna;

b) Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny Ýyldyz obasyna;

Ýolöten etrabynda:

a) Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny Janybek obasyna;

b) Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny Hakykat obasyna;

ç) Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl obasyny Soltanbent obasyna, Täzedaýhan obasyny Dostluk obasyna;

d) Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýolöten ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýaşaýyş jaý toplumyny Ýolöten şäherine.

7. Ahal welaýatynda şu ilatly ýerleri ilatyň ýaşamaýandygy, ilatyň sanynyň kanunçylykda bellenilenden azdygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly:

a) Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny;

b) Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Birleşik obasyny.

8. Şu geňeşlikleri ýatyrmaly we olaryň obalaryny golaýynda ýerleşýän şäheriň, şäherçäniň dolandyryş tabynlygyna, geňeşlikleriň düzümine geçirmeli:

Ahal welaýatynda:

1) Ak bugdaý etrabynda:

a) Akýaýla geňeşligini ýatyrmaly we onuň Akýaýla obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

b) Gäwers geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gäwers, Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

2) Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyrmaly we onuň Alty Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň, Garajaowlak obasyny Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

3) Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyrmaly we onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

4) Tejen etrabynda:

a) Lukman geňeşligini ýatyrmaly we onuň Lukman obasyny Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

b) Seleňli geňeşligini ýatyrmaly we onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

5) Sarahs etrabynyň Garaman geňeşligini ýatyrmaly;

Balkan welaýatynda:

1) Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini ýatyrmaly we onuň Däneata obasyny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

2) Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gyzylymam obasyny Çendir geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

3) Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini ýatyrmaly we onuň Goşaoba, Gürje, Söýli, Ybyk obalaryny Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

Daşoguz welaýatynda:

1) Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligini ýatyrmaly we onuň Garaboýnak, Gasymhowly, Jemşidi, Galkynyş obalaryny Ataýap şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

2) Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşligini ýatyrmaly we onuň Duzlyköl, Maňňyt obalaryny Gökçäge şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

3) Gurbansoltan eje adyndaky etrapda:

a) Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşligi ýatyrmaly we onuň Bagty, Bamyly, Çildir, Gyzyl, Keşler, Meňiş, Omarly, Orman obalaryny Päkize şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

b) Altyn asyr geňeşligini ýatyrmaly we onuň Altyn asyr, Atamyrat aga obalaryny Üçkepderi geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

4) Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşligini ýatyrmaly we onuň Baýnuroý, Dostluk, Ýedigara obalaryny Bereket şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

5) Ruhubelent etrabynda:

a) Altyn zaman geňeşligini ýatyrmaly we onuň Altyn zaman obasyny Tünüderýa geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

b) Garaköli geňeşligini ýatyrmaly we onuň Yslam, Çaýyrly, Gyzyljaburun obalaryny Şagadam geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

ç) Wasabat geňeşligini ýatyrmaly we onuň Wasabat, Uzboý obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

d) Magrupy adyndaky geňeşligi ýatyrmaly we onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Şabende geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

e) Bedirkent geňeşligini ýatyrmaly we onuň Şagadam, Oglanly obalaryny Geňeş geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

ä) Oguzhan geňeşligini ýatyrmaly we onuň Oguzhan obasyny Ruhnama geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

6) S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

a) Sadylla Rozmetow adyndaky geňeşligi ýatyrmaly we onuň Ak Altyn, Altynköl, Bereket, Bossan, Çarbag, Derýalyk, Döwletli, Gaýrat, Isgender Hojaýew adyndaky, Kyýat, Nowbahar, Nowruz, Oýrat, Pagtaçy, Watan, Ýarmyş, Ýaşlyk, Ýaňyýer, Ýyldyz, Zawod obalaryny Gülüstan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

b) Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligi ýatyrmaly;

7) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşligini ýatyrmaly we onuň Garawulgala, Garaoý, Gojukgala, Harmanjyk, Şarawýap, Şirwan obalaryny Akjadepe şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

Lebap welaýatynda:

1) Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyrmaly we onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

2) Döwletli etrabynda:

a) Miras geňeşligini ýatyrmaly we onuň Garagum, Miras obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli;

b) Serdar geňeşligini ýatyrmaly we onuň Dostluk, Serdar obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

3) Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyrmaly we onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

4) Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

5) Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyrmaly we onuň Aýrybaba, Ýürekdepe obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

6) Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyrmaly we Çarbagdepe geňeşliginiň Miweçiler obasyny hem-de Gyzylýarymaý geňeşliginiň Gyzylýarymaý obasyny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

Mary welaýatynda:

1) Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini ýatyrmaly we onuň Türkmenistan obasyny Azat geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

2) Mary etrabynda:

a) Milli Goşun geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gurtzäkir obasyny A.Mämmedowa adyndaky geňeşligiň düzümine, Mawyteber obasyny Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

b) Mülkburkaz geňeşligini ýatyrmaly we onuň Mülkburkaz, Soltanyz, Ýolly obalaryny Mary şäherine birleşdirmeli;

ç) Parahat geňeşligini ýatyrmaly we onuň Akgoňur obasyny Abadanlyk geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

3) Murgap etrabynda:

a) Birleşik geňeşligini ýatyrmaly we onuň Birleşik obasyny Suhty geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

b) Suhtyýap geňeşligini ýatyrmaly we onuň Suhtyýap obasyny Gatyýap geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

4) Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini ýatyrmaly we olaryň Aýhan, Daghan, Günhan obalaryny Gökhan geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

9. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.

10. Täze dörän şu ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olara at dakmaly:

1) Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we olara Ak oý, Baleýşem adyny dakmaly hem-de bu obalary Döwkesen geňeşliginiň düzümine goşmaly;

2) Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa Dostluk adyny dakmaly hem-de bu obany Hojaili geňeşliginiň düzümine goşmaly;

3) Mary welaýatynda:

a) Mary-Aşgabat gatnaw ýolunyň ugrunda Mary etrabynyň geňeşlikleri üçin bölünip berlen ýer gaznasynyň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa Aköýli adyny dakmaly hem-de bu obany Mary etrabynyň Täzegüýç geňeşliginiň düzümine goşmaly;

b) Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa Akgaýa adyny dakmaly we bu obany Gulja geňeşliginiň düzümine goşmaly.

11. Şu dolandyryş-çäk birlikleriniň adyny üýtgetmeli:

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň atlaryny üýtgedip, olara Gyzylarbat adyny dakmaly;

Daşoguz welaýatynda:

1) S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

a) etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň atlaryny üýtgedip, olara Şabat adyny dakmaly;

b) Gülüstan şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa «Sadylla Rozmetow adyndaky» adyny dakmaly;

2) Gurbansoltan eje adyndaky etrapda:

a) Gurbansoltan eje adyndaky şäheriň adyny üýtgedip, oňa Andalyp adyny dakmaly;

b) Päkize şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa «Rejepguly Ataýew adyndaky» adyny dakmaly;

ç) Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň adyny üýtgedip, oňa Galalygyr adyny dakmaly;

3) Akdepe etrabynda:

a) Ataýap şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa «Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky» adyny dakmaly;

b) Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bereketli adyny dakmaly;

ç) Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täzemekan adyny dakmaly;

d) Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Galkynyş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Baglyk adyny dakmaly;

e) Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýeketut adyny dakmaly;

4) Boldumsaz etrabynda:

a) Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň adyny üýtgedip, oňa Sähra adyny; Derýalyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gülzar adyny; Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýalkym adyny dakmaly;

b) Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýüpek ýoly adyny dakmaly;

ç) 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýagty ýol adyny; Berkararlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Agzybirlik adyny dakmaly;

5) Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Bedirkent adyny dakmaly;

6) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda:

a) Akjadepe şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa «Aşyr Kakabaýew adyndaky» adyny dakmaly;

b) Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň adyny üýtgedip, oňa Gyzyljagala adyny dakmaly;

ç) Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, oňa Gallaçy adyny dakmaly;

Lebap welaýatynda:

1) Saýat etrabynda:

a) Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmaly;

b) Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Lebapoba adyny dakmaly;

ç) Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny dakmaly;

2) Çärjew etrabynda:

a) Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Rowaçlyk adyny dakmaly;

b) Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ak altyn adyny dakmaly;

ç) Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň adyny üýtgedip, oňa Magtymguly Pyragy adyny dakmaly;

3) Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadan adyny dakmaly;

4) Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Çarşaňňy adyny; Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Balh adyny dakmaly;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagçylyk adyny dakmaly.

12. Şu dolandyryş-çäk birlikleriniň edara ediş merkezlerini başga ilatly ýere geçirmeli:

1) Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň edara ediş merkezini Tejen şäherine;

2) Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň edara ediş merkezini Gurbansoltan eje adyndaky şähere;

3) Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Hakykat geňeşliginiň edara ediş merkezini Hakykat obasyna.

13. Şu aşakdakylary dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly:

Ahal welaýatynda:

1) Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla, Gäwers geňeşliklerini;

2) Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini;

3) Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini;

4) Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Döwletabat obasyny, Garaman geňeşligini we onuň Garaman obasyny;

5) Tejen etrabynyň Lukman, Seleňli geňeşliklerini;

Balkan welaýatynda:

1) Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny;

2) Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini;

3) Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini;

4) Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini;

5) Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini;

Daşoguz welaýatynda:

1) Gubadag etrabyny;

2) Gurbansoltan eje adyndaky etraby;

3) Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligini we onuň Ataýap obasyny;

4) Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşligini we onuň Gökçäge obasyny;

5) Gurbansoltan eje adyndaky etrapda:

a) Altyn asyr geňeşligini;

b) Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşligi we onuň Päkize obasyny;

6) Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşligini we onuň Bereket obasyny;

7) Ruhubelent etrabynyň Altyn zaman, Bedirkent, Garaköli, Magrupy adyndaky, Oguzhan, Wasabat geňeşliklerini;

8) S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

a) Sadylla Rozmetow adyndaky geňeşligi we onuň Gülüstan obasyny;

b) Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligi we onuň Bagtyýar zaman, Boý, Dostluk, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny;

ç) Adalat geňeşliginiň Şatlyk, Babadaýhan obalaryny;

d) Alyşir Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny;

e) Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky, Wahymgala obalaryny;

ä) Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny;

9) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda:

a) Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşligi we onuň Akjadepe obasyny;

b) Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşligiň Tomman obasyny;

Lebap welaýatynda:

1) Döwletli etrabyny;

2) Farap etrabyny;

3) Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini;

4) Döwletli etrabynyň Miras, Serdar geňeşliklerini;

5) Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini;

6) Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini;

7) Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini;

8) Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini;

Mary welaýatynda:

1) Oguzhan etrabyny;

2) Serhetabat etrabyny;

3) Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini;

4) Mary etrabynyň Milli Goşun, Mülkburkaz, Parahat geňeşliklerini;

5) Murgap etrabynyň Birleşik, Suhtyýap geňeşliklerini;

6) Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini;

7) Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň Mülkburkaz, Soltanyz, Ýolly obalaryny;

8) Türkmengala etrabynda:

a) Kemine adyndaky geňeşligiň Täzebirleşik obasyny;

b) Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny;

9) Ýolöten etrabynda:

a) Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny;

b) Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny;

ç) Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl, Täzedaýhan obalaryny.

14. Şu kararyň goşundysyndaky çyzgylara laýyklykda:

1) Balkan welaýatynda:

a) Esenguly etrabynyň 322112 ga ýerlerini şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Balkanabat şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli;

b) Gumdag şäheriniň 146928 ga ýerlerini, Hazar şäheriniň 96165 ga ýerlerini, Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesiniň 64664 ga ýerlerini şu kararyň 3-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Balkanabat şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli;

2) Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 11804 ga ýerlerini şu kararyň 4-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Daşoguz şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli;

3) Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 751 ga ýerlerini hem-de Wekilbazar etrabynyň 23 ga ýerini şu kararyň 5-nji goşundysyndaky çyzga laýyklykda Mary şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

15. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

16. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde welaýatlaryň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

17. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerine degişli üýtgetmeleri girizmek bilen baglylykda, degişli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabry.

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.