Habarlar

TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan Gahryman Arkadagymyz «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4598/original-1636e27a27529b.jpeg

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçýän mejlisine gatnaşdy.

TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyny (TDG) dünýädäki gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri görmeldigine çagyrdy.

«Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymzy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň işjeň ornunyň zerurdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaý örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýär.

«Biziň Guramamyz özbaşdak ýagdaýda hem, dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda hem gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri – görmelidir diýip hasaplaýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türki ýurtlaryň ylalaşylan garaýyşlary dünýädäki syýasy ýagdaýlara netijeli täsirini ýetirmelidir. Deňhukuklylygy, milli özygtyýarlylygy, halklaryň döwlet gurluşynyň nusgasyny saýlap almaga hukugyny ykrar etmelidir.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy öňe sürdi. Şeýle resminamanyň kabul edilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň nähili çylşyrymly bolsa-da, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmäge düýpli we ikuçsuz ygrarlydygyny tassyklajakdygyna ynanýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn üns çekdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini belledi.

«Bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň teklibi türki döwletler tarapyndan goldanylsa, minnetdar bolardyk» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde halkara terrorçylygyna, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek örän möhüm wezipe bolup durýar.

«Bu iş ähli ugurlarda – umumydünýä derejesinde hem, sebit we milli derejelerde hem alnyp barylmalydyr diýip hasap edýäris. Şeýle howplara gabat gelen käbir türki ýurtlar üçin bu wezipäniň ýokary derejede möhümdigine ynanýarys» diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň halkyna umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sebit howpsuzlygynda owgan meselesi bilelikde iş alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

«Türki Döwletleriň Guramasynyň käbir agza ýurtlary Owganystana goňşy döwletlerdir. Olaryň bu ýurt bilen aýratyn taryhy baglanyşygy we kanuny bähbitleri bar. Diýmek, olar bu ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar üçin belli bir derejede jogapkärçilik hem çekýärler» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Gahryman Arkadagymyz nygtaýşy ýaly, şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge, gepleşikler, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etmeli.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmege çagyrdy.

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmegi biziň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry boldy.

«Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys.

«Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär» diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

«Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy üns çekdi.

Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Başga habarlar
1694a42dd363b3.jpeg
Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi.


169417487aae16.jpeg
Burawlaýjylarymyzyň baýramçylyk sowgady

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek barada öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp zähmet sowgatly geldiler.


169404e209c834.jpeg
Aşgabatda ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi.

1693445efa8528.jpeg
Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1693328d3dab70.jpeg
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11-13-nji dekabr iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu resminama 6-njy dekabrda metbugatda çap edildi.