Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda, ulag we senagat ulgamlarynda türki döwletler bilen özara gatnaşyklaryň möhümligini nygtaýar
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-döwletleri bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew penşenbe güni Samarkant şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 9-njy duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.
«Biziň ýurdumyz özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle-de deň hukuklyga esaslanyp dünýäniň ähli ýurtlary bilen, şol sanda TDG-nyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew öz çykyşynda aýtdy.
Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda türki ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary işler ministrleri, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasarylary, şeýle hem TDG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meselelerine garadylar we guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar anna güni Samarkantda TDG-nyň sammitinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garadylar.
Türkmen tarapyna sammitde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik eder.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.