Hasyl toýy mynasybetli “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglamak dabarasy geçirildi
12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Hasyl toýy mynasybetli “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agranomlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösdürmäge mynasyp goşant goşýan beýleki oba hojalykçy işgärleri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanandygy üçin döwlet sylaglaryna mynasyp bolan oba hojalyk işgärleriniň sarpalanylmagy öz ähli tejribesini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyza hyzmat etmek ýaly belent maksatlara gönükdirýän hem-de ýaşlar üçin görelde bolup durýan öz işiniň ussatlaryna aýratyn hormatyň ýene-de bir nyşanydyr.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.