Ärdogan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri bilen Türkiýede «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dekabr aýynyň başynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen Russiýa tarapyndan hödürlenen «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Russiýanyň we Türkiýäniň Prezidentleri Wladimir Putin hem-de Rejep Taýyp Ärdogan öň Türkiýede «gaz habyny» döretmek meselesini jikme-jik we tiz öwrenmegi tabşyrypdyr. Bu «habyň» üsti bilen Russiýa «Demirgazyk akymlaryndan» gazyň üstaşyr geçirilmegini Gara deňze we Türkiýä geçirip biler. Ärdoganyň hasaplamagyna görä, Ýewropa rus gazyny Türkiýäniň üsti bilen alyp biler.
«Geljek aýyň başynda Türkmenistana saparymyň barşynda bu meseläni («gaz habynyň» taslamasynyň meselesini) Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen maslahatlaşmagy meýilleşdirýärin. Oňat netijelere bil baglaýaryn» — diýip Ärdogan G20 sammitine gatnaşmak üçin Indoneziýa uçmasyndan öň Stambul howa menzilinde brifingde aýtdy.
Öň Ärdogan respublikada halkara gaz habyny döretmek meýillerini tassyklady.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.