Habarlar

Nusgalyk zähmetiň mysaly

https://ussatnews.com/storage/posts/4617/original-16373d9d6c6d46.jpeg

«Türkmengeologiýa» DK-nyň baş hasapçysy Oguljemal Kakajanowanyň durmuşynda bolup geçen möhüm waka — onuň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy ol barada okyjylarymyza gürrüň bermäge itergi berdi.

Bu Olýa Gaýypownanyň (işdeşleri onuň adyny mähir bilen şeýle tutýarlar) mynasyp bolan ikinji sylagy. Birinjisi — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly boldy.

Olýa Gaýypowna nebitgaz toplumynda 1998-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Ol Türkmen halk hojalyk institutyny (häzirki Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) «tapawutly diplom» bilen tamamlap, şol ýokary okuw mekdebinde buhgalter hasaby dersi boýunça mugallym bolup dokuz ýyl işländen soň, nazaryýetden tejribelik işine geçmek kararyna gelýär.

Adamyň çagalykda geljekki hünärini, onda-da hasapçylyk ýaly hünäri saýlap almagy örän seýrek duş gelýän ýagdaý. Emma munuň öz sebäbi bar. Olýa Gaýypownanyň ene-atasy we ýakyn hossarlary ykdysatçylar bolup işleýän eken. Şonuň üçin olardan görelde almak bilen, ol nebere kesbini mynasyp dowam edýär. Onuň ýanýoldaşy hem «Türkmengaz» DK-nyň meýilnamalaşdyrma bölüminde zähmet çekipdir, häzir bolsa, kiçi gyzy bu edaranyň bir kärhanasynda baş hasapçy bolup işleýär.

Ol köpýyllyk iş tejribesiniň barlygyna garamazdan, öz ugrundan yzygiderli bilim almagy, buhgalter hasaby bilen bagly täze tehnologiýalar bilen tanyşmagy irginsiz dowam edýär, bu bolsa oňa tejribeli hasapçynyň halkara güwanamasyny almaga mümkinçilik berdi.

«Okuwa bolan höwesim çagalykdan gözbaş alýar, men hemişe köp okap, öňde goýan maksatlaryma halal zähmetim bilen ýetmäge çalyşdym» diýip, işjanly zenan gürrüň berdi.

Oguljemal Kakajanowanyň zähmet üstünliklerine döwlet tarapyndan ýokary baha berildi hem-de «Türkmengeologiýa» DK-nyň agzybir işgärleriniň oňa bolan hormatyny has-da artdyrdy. Korporasiýa bolsa öz işgärine ýürekden buýsanyp, oňa jan saglyk, abadançylyk we işinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

Leýli AŞYROWA,

Ussatnews.com.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.