Habarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly geçirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4620/original-16373e9f1afa14.jpeg

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly geçirýär. Festiwalyň çäklerinde 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň dowamynda ýaş sazandalaryň konsert çykyşlary geçirilýär.

Festiwalyň çäklerinde 15-nji noýabrda konserwatoriýanyň konsert zalynda kirişli saz gurallary kafedrasynyň zehinli sazandalary çykyş etdiler.

Konsert maksatnamasynda Halkara bäsleşiginiň laureaty Jennet Hudaýkuliýewanyň sazandarlyk etmeginde Kirişli saz gurallary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow kompozitor D.Şostakowiçiň «Wiolonçel we orkestr üçin konsertiniň» birinji bölümini ýerine ýetirdi.

Halkara bäsleşikleriň diplomanty, ajaýyp konsertmeýster Stella Faramazowanyň sazandarlygynda kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Mähri Suwhanowa kompozitorlar K.Debýussiniň «Aşaýyp agşam» we A.Spendiarowyň «Haýtarma» atly saz eserlerini ýerine ýetirdi. Şeýle-de, Mähri Suwhanowanyň (birinji skripka), Aýjahan Ýagşyýewanyň (ikinji skripka) we Stella Faramazowanyň (fortepiano) ýerine ýetirmeklerinde kompozitor D.Şostakowiçiň «Iki skripka we fortepiano üçin dueti» atly toplumyndan: «Prelýudiýa», «Gawot», «Elegiýa», «Wals», «Polka» sazlary ýaňlandy.

Ussat konsertmeýster Elmira Jumagulyýewanyň sazandarlygynda mugallym Ýusupgeldi Gandymow wiolonçel saz guralynda F.Mendelsonyň «Sonata», B.Asafýewiň «Bahçisaraý suw çüwdürimi» we S.Rahmaninowyň «Elegiýa» atly saz eserlerini ýerine ýetiridi.

Konsert ýaş sazandalaryň amala aşyran uly işleriniň netijelerini, sazandalaryň tehniki mümkinçiliklerini, ýerine ýetirijilik ussatlygyny, olaryň dürli saz akymlaryny we milli kompozitorçylyk mekdepleriniň aýratynlyklaryny juda gowy derejede duýmaklaryny görkezdi. Bu ýerde ýerine ýetiriji sazandalar , sahnada çykyş etmekleri bilen uly tejribe toplamaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle konsertleri gelejek ýyllarda hem geçirilip, festiwalyň ajaýyp däp bolmagyny arzuw edýäris.

«Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalyň konsertleri noýabr aýynda dowam edýär, konsertler baradaky maglumatlary bilen konserwatoriýanyň tmk.edu.tm sahypasyndan tanyşyp bilersiňiz.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasnyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.