Habarlar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/4626/original-16374883b6dbcd.jpeg

Hormatly festiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa, şeýle hem şu günki dostluk festiwalyny guraýjylaryň ählisine festiwalyň Daşoguz şäherinde ýokary derejede geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Özbek we türkmen halklarynyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigi şübhesizdir. Hakykatdan-da, garyndaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu möhüm forum halklarymyzyň asylly maksatlarynyň umumydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär.

Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine amala aşyran taryhy saparynyň strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna täze itergi berendigini aýratyn nygtamak isleýärin.

Şunuň bilen birlikde, biziň ýokary derejeli ynanyşmak we özara goldaw bermek ruhundaky köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Onuň Alyhezreti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny bellemek isleýärin.

Gadyrly foruma gatnaşyjylar!

Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýyldan-ýyla barha işjeňleşdirilýär, dürli konsertler, festiwallar, sergiler guralýar, Medeniýet we kino günleri geçirilýär, ýurdumyzda Türkmen milli medeniýet merkezleri hereket edýär. Ýakynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türki edebiýatyň dürdäneleri” atly 100 jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndynyň 10 jilti türkmen edebiýatynyň saýlama eserlerine bagyşlandy. Oňa Azady, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Atajan Tagan ýaly nusgawy we häzirki zamanyň görnükli şahyrdyr ýazyjylarynyň onlarçasynyň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň girizilendigi aýratyn bellärliklidir.

2018-nji ýylda Daşkent şäheriniň merkezi köçeleriniň birine türkmen halkynyň beýik ogly, şahyr we akyldar, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymgulynyň ady dakyldy, şahyryň hormatyna seýilgäh döredilip, ol ýerde akyldaryň barelýefi oturdyldy. Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynyň “Türkmenler” mähellesinde “Ulli howli” gadymy ýadygärlik toplumynyň durky täzelenildi. Daşkendiň merkezinde gurlan “Aşgabat” seýilgähi ildeşlerimiziň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi üçin iň gelim-gidimli ýere öwrüldi.

Şeýle-de Türkmenistanda ýaşaýan özbek halkynyň wekillerine aýratyn üns berilýär. Ýakynda Aşgabat şäherinde açylan “Daşkent” seýilgähi özbek we türkmen halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşany boldy.

Biziň geljekde-de bilelikdäki tagallalarymyz esasynda iki dost-doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrýan şeýle medeni çäreleri geçirip durjakdygymyza pugta ynanýaryn. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ähli hoşniýetli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýärin.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Şawkat Mirziýoýew.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.