Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/4628/original-163748d9e5417c.jpeg

Hormatly dostluk festiwalynagatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Türkmen we özbek halklaryny gadym döwürlerden häzirki günlere çenli dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryny medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähiniň, Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähiniň gurulmagy, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlarynyň doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny kämilleşdirmegi, şeýle-de ýakynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen buýsançly işlerdir.

Hormatly festiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmen we özbek halklarynyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan üstünlikler biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň döredijilik forumy — iki doganlyk halkyň dostluk festiwaly biziň gatnaşyklarymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň geçirilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Daşoguz welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde möhüm orny eýeleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň, gadymy galalaryň ençemesi bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky gadymy binalar, Nejmeddin Kubranyň, Aşyk Aýdyň piriň, Mahmyt Zamahşarynyň, Mahmyt Pälwanyň, Nurmuhammet Andalybyň edebi mirasy biziň halklarymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty Daşoguz welaýatynyň bagşy-sazandalarynyň döredijiliginde has-da ýörgünlidir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda geçirilýän halkara çärelere döredijilik işgärlerimiz yzygiderli gatnaşýarlar. Medeniýet ulgamyndaky, döredijilik dünýäsindäki gatnaşyklar türkmen we özbek halklaryny ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Şeýle asylly maksatlara hyzmat etmek, dostlukly gatnaşyklarymyzy täze derejelere çykarmak biziň esasy wezipämizdir.

Eziz watandaşlar!

Hormatly myhmanlar!

Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşir Nowaýynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri ynsanperwerligiň, dostlugyň beýik mekdebine öwrülip, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde bu akyldar şahyrlaryň ýadygärlikleriniň gurulmagy, olaryň sözlerine döredilen aýdymlaryň türkmen we özbek sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi biziň dostlukly gatnaşyklarymyzyň mizemezdigini subut edýär. Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäginde guraljak dabaralaryň hem biziň halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da berkitjekdigine, dostlukly gatnaşyklarymyzyň senenamasynda ajaýyp waka öwrüljekdigine pugta ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!

Hormatly festiwala gatnaşyjylar!

Sizi Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.