Habarlar

Türkmenistanda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4636/original-16375cf9a9d080.jpeg

16-njy noýabyrda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna gatnaşmagy goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer.

Dostluk festiwalynyň açylyşynyň öň ýanyndaky günde — 15-nji noýabrda oňa gatnaşyjylar “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy we medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler. Türkmen halkynyň keramatly ýerlerine hem-de gadymy binagärlik ýadygärliklerine guralan gezelenç iki goňşy halkyň taryhy we ruhy kökleriniň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň umumylygyndan ýene bir nyşan boldy.

...Şu gün ir bilen festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar bu forumyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýerine — ajaýyp “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar. Ak öý hemişe türkmenleriň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr we bu gün gadyrly myhmanlar mähirlilik, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanylýar. Festiwala gatnaşyjylary gutlamaga gelen daşoguzly ýaşaýjylaryň ellerinde milli baýdaklar pasyrdaýar, howa şarlary, ajaýyp güýz gülleri bar. Asylly däbe görä, goňşy ýurduň wekillerine duz-çörek hem-de sahawatly türkmen topragynyň naz-nygmatlary hödür edildi.

Festiwalyň açylyş dabarasyna iki döwletiň medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, köp sanly myhmanlar, ýaşlar gatnaşdylar. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada teatr artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli tomaşa ýaýbaňlandyryldy. Ol Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Myhmansöýerlik” diýen bölümi esasynda taýýarlanyldy.

Sahnalaşdyrylan çykyşda dostlugyň, jebisligiň beýik güýji, häzirki wagtda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynda beýanyny tapan ata-babalarymyzyň öçmejek ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berilýär. Türkmen we özbek dillerinde ýerine ýetirilen “Arşa galsyn, türkmen-özbek dostlugy!” atly aýdym halklarymyzyň mizemez dostlugyna bagyşlandy.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň giň eýwanynda foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň sazandalary dessanlardan parçalary ýerine ýetirmek bilen garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň senetçileriniň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Onda türkmen we özbek halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, taryhyň, medeniýetiň ýadygärliklerini, häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini beýan edýän eserler görkezildi. Şolaryň hatarynda keramiki we heýkeltaraşlyk eserleri, halylar, keçeler, gobelenler, lybaslar, nepis zergärçilik bezegleri, saz gurallary hem-de dostlukly halklaryň adaty ýaşaýyş-durmuş esbaplary bar.

Myhmanlar Özbegistanyň iri şäherlerinde asyrlaryň dowamynda kemala gelen çeper senetçiligiň täsin nusgalaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda Namangan tahýalary, Horezm haly önümleri, Fergana mawy keramikasy, Buharanyň altyn çaýylan nagyşly tikin önümleri, köp sanly sowgatlyklar bar. Özbek senetçileriniň demriň ýüzüne nepislik bilen basýan nagyşlary hem-de agaç ýonup ýasaýan önümleri çeperçilik taýdan beýan ediliş usuly hem-de şekilleriniň sazlaşygy bilen haýran galdyrýar.

Sergä gelýänler çeper elli türkmen zenanlarynyň keteni matasyndan taýýarlan tikinçilik önümlerini, küýzegärleriň ellerinden çykan nepis nagyşly küýzeleri uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergi gymmatlyklarynda iki doganlyk ýurduň senetçileriniň we suratkeşleriniň döredijilik ýörelgeleriniň meňzeşligi, özboluşly aýratynlyklary beýan edilýär.

Festiwalyň açylyş dabarasy binanyň zalynda dowam etdi. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary okaldy. Döwlet Baştutanlarynyň Gutlaglarynda türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni kökleriniň, däp-dessurlarynyň umumylygy, dilleriniň hem-de ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň ýakynlygy aýratyn nygtalýar, munuň özi häzirki wagtda iki ýurduň däp bolan doganlyk gatnaşyklaryny çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

“Medeniýet ulgamyndaky, döredijilik dünýäsindäki gatnaşyklar türkmen we özbek halklaryny ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Şeýle asylly maksatlara hyzmat etmek, dostlukly gatnaşyklarymyzy täze derejelere çykarmak biziň esasy wezipämizdir” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz: “Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäginde guraljak dabaralaryň biziň halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da berkitjekdigine, dostlukly gatnaşyklarymyzyň senenamasynda ajaýyp waka boljakdygyna pugta ynanýaryn” diýip belleýär.

“Biziň geljekde-de bilelikdäki tagallalarymyz esasynda iki dost-doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrýan şeýle medeni çäreleri geçirip durjakdygymyza pugta ynanýaryn” diýlip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Gutlagynda nygtalýar.

Döwlet Baştutanlary festiwala gatnaşyjylara döredijilik üstünliklerini, halky sungat dünýäsine aralaşdyrmak, ruhy gymmatlyklary, ýörelgeleri hem-de milli medeniýetleriň gazananlaryny giňden wagyz etmek ýaly asylly işlerinde täze belentliklere ýetmegi arzuw etdiler.

Iki döwletiň Liderleriniň Gutlaglary ýygnananlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Munuň özi Prezidentler Serdar Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe halklarymyzyň dost-doganlygyny has-da berkitmek ugrunda alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallygyň beýany bolup ýaňlandy.

Bu ýerde guralan konsertde gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, türkmen we özbek halklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlaryny beýan edýän tans, folklor çykyşlary görkezildi. “Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!” atly edebi-sazly çykyş baýramçylyk dabarasyna özboluşly giriş boldy. Teatr artistleri, ýurdumyzyň birleşen folklor topary hem-de Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hory tarapyndan ýerine ýetirilen bu çykyş doganlyk halklaryň mizemez dostlugynyň senasy bolup ýaňlandy.

Folklor toparlarynyň “Arkadagly Serdarymyza şöhrat!” atly çykyşy parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyň beýanyna öwrüldi.

Çagalar tans toparlarynyň “Dostlar aýdymy” atly çykyşy baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Artistler iki döwletiň paýtagtlary, doganlaşan Aşgabat we Daşkent şäherlerine aýratyn çykyşy bagyşladylar. Ajaýyp şäherleriň gözel künjekleriniň wideoşekilleriniň görkezilmegi çykyşyň täsirliligini has-da artdyrdy. Tomaşaçylar “Ýadymda” diýen aýdymy joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, onuň goşgusyny we sazyny Gahryman Arkadagymyz döretdi.

Ýygnananlar türkmen “Küştdepdi” tansy ýaly ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen, özbek tansçylarynyň Horezmde meşhur “Lazgi” milli tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişlerini synladylar. Iki doganlyk halkyň aýdymlarynyň türkmen we özbek dillerinde ýerine ýetirilmegi sungat işgärleriniň birek-birege özboluşly döredijilik sowgatlary boldy.

Soňra tomaşaçylaryň haýyşy boýunça Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri, ýurduň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekow sahna çykýar. Onuň ýerine ýetirmeginde “Gelgin gülüm” atly özbek aýdymy hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy türkmen dilinde ýaňlanýar.

Milli saz gurallary, halk äheňleri, milli lybaslaryň köpöwüşginli nagyşlary, aýdymlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişi, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlary bitewi döredijilik çemenini emele getirip, tomaşaçylara unudylmajak lezzet paýlady. Konsertiň ahyrynda artistler bilelikde gadymy “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Bu täsin tans hereketleri doganlyk halklaryň döredijilik bitewüliginiň kökleriniň gadymydygynyň nyşanyna hem-de döredijilik kuwwatynyň beýanyna öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen “Goý, baky ýaňlansyn dostluk aýdymy!” atly aýdym türkmen we özbek halklarynyň dostluk konsertiniň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Döredijilik çäresiniň birinji gününde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleriniň “Kaýs” atly sahna oýny görkezildi. Beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň “Leýli we Mejnun” poemasy esasynda režissýor Otabek Ýakubowyň döreden sazly sahna eserinde dostlukly goňşy ýurduň belli teatr artistleri çykyş etdiler. Belent ynsanperwerlik taglymlaryna ýugrulan bu sahna eserinde gozgalýan meseleler çuňňurlygy, döredilen aýdyň ynsan keşpleri bilen tapawutlanýar.

Ertir Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäklerinde birnäçe çäreler geçiriler. Iki dostlukly ýurduň döredijilik işgärleriniň Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçiriljek duşuşygynda edebiýat we terjimeçilik işinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyndaky: “Ýakynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türki edebiýatyň dürdäneleri” atly 100 jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndynyň 10 jildi türkmen edebiýatynyň saýlama eserlerine bagyşlandy. Oňa Azady, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Atajan Tagan ýaly nusgawy we häzirki zamanyň görnükli şahyrdyr ýazyjylarynyň onlarçasynyň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň girizilendigi aýratyn bellärliklidir” diýen sözlerini ýatlamak ýerlikli bolar.

Kino sungatyny söýüjiler Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Altyn ýol” geňeşliginiň Dilewar obasynda guraljak duşuşykda türkmen we özbek kinematograflarynyň işleri bilen tanşyp bilerler. Döredijilik forumy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Ygrar ataşy” atly sahna oýny bilen tamamlanar. Onuň edebi esasy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan alnan rowaýatyň äheňleri esasynda taýýarlanyldy. Eserde watançylyk, çuňňur söýgi, Watana we halka wepaly hyzmat etmek ýaly meseleler gozgalýar.

Festiwal dowam edýär, onuň çäklerinde dostlar we kärdeşler, goňşular we doganlar duşuşýarlar. Şeýle ýürekdeş söhbetdeşliklerde täze pikirler, teklipler, biziň halklarymyzyň birek-birege has-da ýakynlaşmak isleýändiklerini tassyklaýan başlangyçlar döreýär. Festiwala gatnaşyjylar hem-de myhmanlar bu wakanyň iki halkyň medeni durmuşynda möhüm çäre bolmak bilen, türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyny, biziň ýurtlarymyzyň döredijilik işgärleriniň we toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri açýandygyny belleýärler.

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.