Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4640/original-163771cbf7c691.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Netijeli we oňyn ýagdaýda geçen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine ilkinji derejede ähmiýet berýärler. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Eýranyň nebit ministri Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan we ýurduň örän baý serişde mümkinçilikleri dünýä bileleşiginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.