«Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygy tamamlanýar
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi.
Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Täsin “Galkynyş” käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar.
Bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady we nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda ätiýaçlyk gory 27,4 trillion kub metr bolan bu ägirt uly gaz käninde 45 sany guýy hereket edýär. Her guýynyň ortaça günlük debiti iki million kub metr gaza barabar.
2021-nji ýylyň awgustynda «Galkynyş» gaz käninde aýratyn çylşyrymly üç sany täze guýynyň gurluşygynyň taslamasy başlandy. Taslama boýunça işleri СNPС hytaý kompaniýasy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama esasynda alyp barýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.