Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi sapary başlandy
Duşenbe güni, 21-nji noýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň uçary Abu-Däbä çenli uçuşy amala aşyryp, BAE-niň paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşy aldylar.
Şu gün Abu-Dabi şäherinde türkmen-emirlik gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga gönükdirilen ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler minsitri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
R.Meredowyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Uly kuwwatyň bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.