Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda taslamalara maýa goýmak üçin bilelikde bank dörederler
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri iki ýurtda hem wekilçiliklerini açmak bilen, bilelikde bank döretmegi meýilleşdirýärler. Şeýle teklip Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda bellenildi diýip, TDH habar berýär.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belläp, biziň ýurdumyza ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň, onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyklar mahalynda gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika, maliýe ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýum hem-de karz serişdelerini çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, bu gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşyk Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda BAE resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.