Habarlar

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4670/original-1637f99f89e060.jpeg

23-nji noýäbrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Dostlukly ýurduň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen kärdeşlerine döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi we Täjigistanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda, iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde şu gezekki çäräniň ähmiýetini bellediler.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, dünýä we täjik nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary, joşgunly tans çykyşlary girizildi.

Tomaşaçylara “Täjigistan şu gün” atly wideofilm görkezildi, onda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, paýtagt şäher Duşenbäni mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täjik halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler beýan edilýär.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda köpöwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy. Tomaşaçylar joşgunly el çarpyşmalar arkaly dünýä nusgawy saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetiren artistleriň zehinine baha berdiler. Bu ýerde halk sazlary hem ýaňlandy. Halk sazandalarynyň çykyşlary aýdym-saz agşamynyň aýratyn bezegi boldy, olar doýra, rubob, ud, naý we dutor ýaly gadymy saz gurallarynda täsin mukamlary ýerine ýetirdiler.

Tomaşaçylar Täjigistan Respublikasynyň S.Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň balet toparynyň gatnaşmagynda Amirjon Ruziýewiň ýerine ýetiren “Näzlim uz maňa” aýdymyny aýratyn tolgunma bilen diňlediler. Sanjar Sanginowyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy belent joşgun bilen ýaňlandy.

“Köpöwüşginli lybaslar” ady bilen geçirilen moda lybaslarynyň görkezilişi ýygnananlara uly lezzet paýlady. Onda belli täjik ussady, dürli bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi Furşed Sattorowyň taýýarlan egin-eşikleriniň nusgalary görkezildi.

Täjigistanyň çäklerinden uzakda-da meşhur bolan ýaş estrada aýdymçysy Çorşanbe Alowatowyň çykyşy hem konsertiň bezegine öwrüldi. “Central Asia Got — 2019” halkara telewizion bäsleşiginiň ýeňijisi täjik halk mukamynyň äheňlerinde döredilen “Seniň örüm saçlaryň” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Ýygnananlar “Lola” we “Parastu” meşhur tans toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda, sazyň awtory Nosir Safarzodanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dostluk sazy” atly sazly tans çykyşyny yzy üzülmeýän el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Tomaşaçylara Täjigistanyň täsin sungaty bilen duşuşygy peşgeş beren konserte gatnaşan ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Watana söýgi” atly aýdym ajaýyp dostluk baýramynyň jemlenmesi boldy.

Şu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi guralar. Onda Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungatynyň eserleri, neşir önümleri, fotosuratlar görkezildi.

“Aşgabat” kinoteatrynda iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi hem-de täjik režissýorlarynyň soňky ýyllarda döreden we halkara kinofestiwallara gatnaşan filmleriniň görkezilişi boldy.

Täjik sungat ussatlarynyň çykyşlary 24-nji noýabrda “Watan” kinokonsert merkezinde dowam etdi.

Täjigistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary şäherinde geçiriler. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçiriljek dostluk konsertinde türkmen we täjik artistleri çykyş ederler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.