BAE-niň wekiliýeti Türkmenistana saparynyň barşynda bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek meselesini maslahatlaşar
Ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek we onuň birinji mejlisini geljek ýylda geçirmek teklip edilýär.
Bu gepleşikler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda BAE amala aşyran resmi saparynyň barşynda maslahatlaşyldy, onuň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň 13-sine, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça resminamalaryň 8-sine gol çekildi.
Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen “Ýol kartasyny” taýýarlamak teklip edilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şu hepdede Абу-Дабиде ýokary derejede geçirilen gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz toplumy, ulag-logistika ýaly strategik ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.