Habarlar

Türkmenistanda güýzüň soňky aýy iri halkara forumlaryna beslendi

https://ussatnews.com/storage/posts/4700/original-163899e0cbcc6f.jpeg

Noýabr aýy Türkmenistanda halkara medeni forumlaryna baý bolup, olar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýär.

16-17-нжи ноябрда Дашогузский велаятынын доландырыш меркезинде туркмен ве озбек халкларынын достлук фэстивалы юстюнликли гэчди. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirildi hem-de goňşy ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Forumyň çäklerinde iki ýurduň senetçi ussalarynyň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi, türkmen we özbek sungat ussatlarynyň ajaýyp konserti, ylmy maslahat, şeýle hem kinolaryň we teatr sahnalarynyň görkezilişi boldy.

Türkmen we özbek halklarynyň dostluk baýramçylygy tamamlanandan soň ýurdumyza täjik dostlarymyz – Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar geldiler. 23-нжи ноябрда пайтагтимызынь мукамлар кёшгюнде дёредиджилик чаресинь ачылыш дабарасы хем-де достлуклы юрдунь сунгат уссатларинын консерти гечирилди. Olaryň hatarynda meşhur toparlar - «Lola» täjik döwlet tans topary, «Parastu» tans topary, halk aýdymçylary, estrada ýerine ýetirijileri Boldy.

Şol günüň ertesi Şekillendiriş sungaty muzeýinde Täjigistanyň suratkeşleriniň eserleriniň, neşir önümleriniň, milly lybaslaryň sergisi, şeýle hem foto suratlaryň sergisi guraldy. Şeýle hem şol gün «Aşgabat» kino merkezinde täjik kinematografiýaçylarynyň işleri bilen, «Watan» kinokonsert merkezinde bolsa dostlukly ýurduň artistleri bilen duşuşyk geçirildi.

25-нджи ноябрда Мэри Шехеринде форумынь Япылыш дабарасы гечирилип, Туркменистан ве Таджигистанынь сунгат усссатларынын гала-концерт Медэнийет гюнлерининь джемлейджи вакасына оврулди.

Ylym we medeniýet ulgamynda bolup geçen waka – «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat barada hem aýtmak gerek. Ol 22-nji noýabrda Aşgabatda geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň, ýurdumyzyň Döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekilleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary, muzeýleriň hünärmenleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşylar. Olara daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň alymlary we esasy hünärmenleri onlaýn görnüşde goşuldylar.

Güýzüň soňky günleri aşgabatlylara hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryna ýene-de bir döredijilik sowgadyny – «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyny peşgeş berdi. Üç gün dowam eden forum 28-nji noýabrda açyldy. Oňa aýdymçylar we sazandalar – милли саз гуралларында ýerine ýetirijiler, sazşynaslar gatnaşýarlar.

«Ватан», киноконцерт «Туркменистан», меркезлеринде, шейле хем Махтумгулы адындаки милли сазлы-драма театрында айдым-саз топарларынын консертлери гэчяр. Şeýle hem daşary ýurtly festiwala gatnaşyjylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary geçiriler. Festiwalyň çäklerinde "Arçabil" myhmanhanasynda halkara maslahat geçirildi.

Ähli myhmanlar – halkara forumlaryna gatnaşyjylar üçin taýýarlanylan medeni maksatnama olara ýurdumyzyň gözellikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.