Owganystanyň Häkimiýeti TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri geçirip başlamagyň zerurlygyny beýan etdi
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny başlamak zerurlygy barada Talibanlaryň hökümetinde dag senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýeine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşykda belledi.
Uzynlygy 1814 км мы kuwwaty ýylda 30 млрд куб метр tebigy gaz bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çäginde badalga aldy. Bu gaz geçirijisi Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik Berer, Kabula bolsa sosial meselelerini çözmek üçin serişdeleri berer. Yslamabat we Deli bolsa energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolar. TOPH taslamasyna gyzyklanmasyny owgan Häkimiýetine geçenden soň, Talibanlar hereketi hem mälim etdi.
Şahabuddin Delawaryň belleýşi ýaly, «bu taslamany durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda köpsanly täze iş orunlary we maýa goýumlar dörär. Owganystan howpsuzlyk nukdaýnazaryndan amatly ýagdaýda ýerleşenligi sebäpli, biz bu mümkinçiligi peýdalanmaly we TOPH taslamasyny mümkin Boldugyndan tiz başlamaly» diýip Owganystanyň dag magdan we nebit ministrligi habar berýr.
Министр şeýle hem TOPH taslamasyny iň iri ykdysady we durmuş taslamalarynyň biri diýip atlandyrdy.
Öz gezeginde, Muhammetmyrat Amanow taslamanyň durmuşa geçirilişi barada aýtmak bilen, Türkmenistan TOPH boýunça praktiki işleriň tiz wagtda başlamagyna gyzyklanma bildirýär diýip belledi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.