Habarlar

Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/4709/original-1638c649437d05.jpeg

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli halkara ahmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpçün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, we Türkiýäniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanynlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.