Hormatly Prezidentimiz Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy
3-nji dekabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň oýunlarynyň hormatly myhmany boldy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga neneňsi uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçulary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary Katar Döwletiniň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Katar Döwletiniň Döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halifa stadionyna tarap ugrady. Stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiziň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine berk ynam bildirdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň işjeňlik bilen ösdürilýändigini, dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Iki ýurduň Baştutanlary ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini hem-de ony iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny nygtadylar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.