Habarlar

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin çäreler görülýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4720/original-1638dc7e1e3c04.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Balkan welaýatyndaky “Uzynada” käninde geçirilen özleşdirmek işleriniň netijesinde, kondensat we tebigy gaz akymy alyndy.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň geljegi uly nebitgaz ýataklarynda bar bolan uglewodorod çig malynyň gorlarynyň ýüze çykarylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösmegine itergi berjekdigini aýtdy hem-de özleşdirilen nebit guýularynyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky möhüm ähmiýetini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ş.Abdrahmanow şeýle hem nebitgaz toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we pudagyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Degişli ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edilmegi tebigy gazy çykarmakda gaz guýularynyň bökdençsiz işledilmegine hem-de tebigy gazy ygtybarly ibermäge ýardam eder.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.