Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewürleri bilen söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň işewürler wekiliýetini kabul etdi.
Duşuşyga «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiç hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýms gatnaşdy.
Döwlet Baştutany we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutany bilelikdäki işewürler geňeşiniň eýeleýän uly ornuny belläp, onuň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta alyp barýan köpýyllyk netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň bu geňeşiň işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işlemäge ýöriteleşen «UGT Renewables» kompaniýasynyň işewürler geňeşine goşulmagyny goldady. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň onuň bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny, şol sanda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
Işewürler mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Döwlet Baştutany täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.