Habarlar

Bakuda Türkmenistanyň wise-premýeri ýakynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4730/original-16390af7473b21.jpeg

5-nji dekabrda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Bakuda şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibini, şele hem üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşygyny maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşenbe güni Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatynda döwlet baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammiti geçiriler, diýip aýtdy. Onuň öňüsyrasynda 13-nji dekabrda 3 sany ugurdaş ministrleriň duşuşyklaryň: daşary işler ministrleriniň, ulag ministrleriniň hem-de energetika ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşyklarynyň geçiriljekdigini nygtady.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyň geçirilýändigi bellenildi. Türkmen tarapy azerbaýjan tarapynyň ýokary derejede gatnaşmagyna garaşýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Prezident Ylham Aliýewiň 2022-nji ýylyň iýunynda Hazarýaka döwletleriniň altynjy Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada saparynyň we saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda geçirilen duşuşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Ýatlatsak, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň yglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.