Habarlar

GaffneyCline kompaniýasy ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4736/original-16391a05f3f125.jpeg

GaffneyCline britan konsalting kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda işini mundan beýläk-de giňeltmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň taslamalar boýunça direktory Drýu Pauelle salgylanyp habar berýär.

Onuň bellemegine görä, GaffneyCline häzirki wagtda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşýar.

Pauelliň şeýle hem bellemegine görä, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» (OGT-2022) Halkara maslahatynyň dowamynda kompaniýa türkmen kompaniýalarynyň köp sanlysy bilen duşuşmaga we olar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňat mümkinçilik aldy.

Belläp geçsek, GaffneyCline kompaniýasy «Galkynyş» gaz käniniň ätiýaçlyk goruny bahalandyrmak babatda eýýäm Türkmenistan bilen üstünlikli tejribä eýe. Bahalandyrmagyň netijesinde bu käniň halkara klassifikasiýasynda «ägirt uly» kän toparyna degişlidigi tassyklanyldy. Hususan-da, onuň umumy goruny «Ýaşlar» we «Garaköl» känleri bilen bilelikde hünärmenler 27,4 trillion kub metr tebigy gaz diýip bahalandyrýarlar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.