“Balkangallaönümleri” we “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirildi
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda baş prokuror S.Mälikgulyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.
Geçirilen deslapky derňew işlerinde “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän E.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satypdyrlar. Şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilipdir.
Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaýy bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdir. Ol özüniň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin emele gelen azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini her aýdaky hasabatynda bar diýip ýalandan görkezip, resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizipdir.
Maglumatlar esasynda şol adamlar wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly agyr netijelere getiren etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildiler. Olar kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň gazanan bikanun girdejileri, döwletiň emlägini eýelemekleri netijesinde ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak üçin olaryň haram ýol bilen gazanan serişdeleri, awtoulaglary, ýaşaýyş jaýlary gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Çünki korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.