“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynda jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda baş prokuror S.Mälikgulyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary A.Mommadow we Ç.Meredow bilen deslapdan dilleşip, dürli daşarky howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, şeýle hem dürli raýatlardan uly möçberde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alypdyr.
Mundan başga-da, K.Kerimow wezipe borçlaryna laýyklykda, uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý etmekleri boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň birinji derejeli awiapetekleriň satyjysy J.Goçgorgulyýewanyň raýat T.Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýatyň amala aşyrylmagyna we raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir.
Ýokarda beýan edilen maglumatlar esasynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Uçar peteklerini satýan bölümiň birinji derejeli satyjysy J.Goçgorgulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edildi.
Şeýle hem jenaýatçylara şärik bolan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar A.Mommadow we Ç.Meredow kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, T.Artyknyýazow bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.
Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi.
Korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Bu ýagdaý hökman ýüze çykarylar we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.