Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada Pakistan today neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen geňeşmelerden soň, Kwettadaky gümrük gullugy (Belujistanyň paýtagty) Çamandaky serhediň üsti bilen suwuklandyrylan nebit gazyny import etmegiň meýilnamasyny Federal salgyt gullugyna iberdi. Pakistanyň federal hökümeti Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça uly ädim etdi we şu maksat bilen gaz daşaýjylary getirmek boýunça rugsatnama taýýarlanylýar.
Garaşylyşy ýaly, owgan daşaýjylary Çamandaky serhetden boş pakistan awtosisternalary suwuklandyrylan nebit gazy bilen doldurmak üçin Turgunda Türkmenistan bilen serhet geçiriş nokadyna getirerler we pakistan daşaýjylaryna gowşurarlar. Olar ýüki Pakistanda zerur nokatlara ýetirerler.
Pakistan today-iň salgylanýan resminamalarynda üç sany meýilnama görkezilýär — golaýdaky, gysga möhletli we uzak möhletli. Birinji meýilnama haýal durmuşa geçirilip başlanar. Gysga möhletli meýilnama üçin sekiz aýa çenli, uzak möhletli meýilnama üçin – bir ýyl gerek bolar. Uzak möhletli meýilnama suwuklandyrylan nebit gazyny pakistan awtoýangyç dolduryjylaryna ýüklemek üçin beketleri gurmagy meýilleşdirýär
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.