Türkmenistan we Azerbaýjan ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler
Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda belledi.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin hem iki ýurduň arasynda geljegi uly mümkinçilikler bardyr. Bu ugurda biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir: Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini halkara bazarlara, hususan-da, Ýewropa ugruna ibermegiň ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
«Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde düýbünden täze tapgyr bolup durýar» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Azerbaýjanyň parlamentiniň spikeriniň Türkmenistana sapary Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň 14-nji dekabrda Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji üçtaraplaýyn sammitiň öň ýanynda amala aşyryldy. 13-nji dekabrda 3 sany ministrler duşuşygy meýilleşdirildi: daşary işler, ulag we energetika ministrleri.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.