Habarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertini geçirdi

https://ussatnews.com/storage/posts/4763/original-163963211bc4cb.jpeg

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Diýarymyzyň Baky Bitaraplyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy baýramçylyk konsertini geçirdi. Konsertiň maksatnamasynda nusgawy dünýä sazlary we milli kompozitorlaryň saz eserleri ýerine ýetirildi. Konsertde ýekelikde we ansamblda, hor, milli halk saz gurallary orkestr we simfoniki orkestr toparlary çykyş etdiler.

Konserti konserwatoriýanyň talyplary Azat Bazarow we Güljemal Taýlyýewa şahyr D.Annamyradowyň sözlerine «Arkadagly Serdar bilen» atly aýdymy bilen açdylar, olara dirižýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestri sazandarlyk etdi. Şeýle-de orkestriň ýerine ýetirmeklerinde Pürli Saryýewiň «Şatlyk» we Annageldi Jülgäýewiň «Ýaşlara salam» atly eserleri ýaňlandy.

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly Gurban Baýjykowyň şahyr A.Gaýlyýewiň goşgusyna döreden «Alkyş aýdýas Arkadagly Serdara» atly aýdymy, başga-da «Janlarym» (ýekelikde Merdan Baýramgeldiýew) we «Ýar gara gözli» (ýekelikde Täçmuhammet Durdymyradow) ýaly türkmen halk aýdymlary aýdyldy.

Halkara bäsleşikleriň diplomanty, ussat mugallym Stella Faramazowanyň talyplary Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt), Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) nemes kompozitory Maks Bruhyň «Trio» atly eserini ýerine ýetirdiler.

Halkara bäsleşikleriniň laureatlary Dowran Gylyjowyň (trombon) ýerine ýetirmeginde Aleksandr Arutunýanyň «Ekspromt» (oňa sazandarlyk etdi konsertmeýster Ýewgeniý Selýutin) we Merjem Amanowanyň fortepianoda Aşyr Kulyýewiň Sonatasy ýaňlandy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dirižýor Ýelena Moskwiçýowanyň we hormeýster Rano Orunowanyň ýolbaşçylygynda hor topary kompozitorlar Weli Ahmedowyň «Gözüm düşdi» we Orazgylyç Gurbannyýazowyň «Ýüzüňden» atly aýdymlary aýdyldy.

Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri birnäçe saz eserleri ýerine ýetirdiler. Olardan Berdinazar Çaryýewiň dirižýorlygynda kompozitor Meret Annamyradowyň «Garagum» atly simfoniki eseri; Güljemal Taýlyýewanyň we Meýlis Hasanowyň aýtmagynda kompozitorlar Daňatar Öwezowyň we Adrian Şapoşnikowyň «Aýna» atly operasyndan Sapar bilen Bibiniň dueti; şeýle-de kompozitorlar Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň «Zöhre we Tahyr» atly operasyndan «Piala» atly aýdymy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi, dirižýor Döwletmämmet Okdirowyň dirižýorlygynda kompozitor Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» atly simfoniki şekili; Dünýägözel Begaliýewanyň we Kadyr Esenowyň aýtmagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň solistler, hor we simfoniki orkestr üçin döreden «Watannama» atly eserleri ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk konsertini “Türkmen owazy” teleýaýlymyna ýazgy edildi we konsert baýramçylyk günleri efire göýberiler.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.