Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4772/original-16398c661043af.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklara üns berdiler.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlaryny netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şulardan ugur alyp, beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini zerur hasap edýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistan gazhimiýa, oba hojalygy we ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlaryny we karzlaryny çekmek meselelerini maslahatlaşyp, Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-emirlikler bankyny döretmek boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak teklip edildi.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň uly geljegi bellenildi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk «Türkmenenergo» bilen Masdar arap kompaniýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekilenden soň başlandy. Şeýle hem Türkmenbaşy, Dubaý we Abu-Dabi portlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak teklibi aýdyldy.

Myhmanlar Prezident Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.

Şeýle hem şol gün senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministr Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Ýangyç-energetika toplumy, maliýe-bank ulgamy, gaýtadan işleýän we senagat pudaklary, gurluşyk ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.